Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýrana garşy sanksiýalary girizmek ähtimallygyny maslahatlaşýar


Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (sagdan çepe), Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer we Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond.

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (sagdan çepe), Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer we Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond.

14-nji martda Brýusselde geçirilýän duşuşykda Ýewropa Bileleşigine gaza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Eýrana garşy sanksiýalary girizmek ähtimallygyny, şeýle-de Bileleşigiň Russiýa bilen gatnaşyklaryny maslahat etmegine garaşylýar.

13-nji martda Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (Jean-Marc Ayrault) “eger zerur bolsa”, Eýranyň ýakynda ballistik raketalary synagdan geçirmegine gaýtawul hökmünde Ýewropa Bileleşigi Tährana garşy sanksiýalary güýje girizip biler diýdi.

Aýrault bu barada Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy we Germaniýanyň, Britaniýanyň we Italiýanyň daşary işler ministrleri bilen Parižde geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.

XS
SM
MD
LG