Sepleriň elýeterliligi

Ankara: Türkiýe partlamadan soň kürtleri bombalaýar


Ankarada ençeme adamynyň başyna ýeten bomba hüjüminden soň Türkiýe kürt pitneçileriniň demirgazyk Yrakdaky nyşanalaryna garşy howadan zarba urdy.

Türk armiýasynyň 14-nji martda ýaýradylan beýannamasynda Türkiýäniň söweş uçarlarynyň "Kürdüstan işçiler partiýasy” diýilýän PKK-nyň Yragyň demirgazygynda ýerleşýän daglyk Kandil we Gara regionlaryndaky gorhanalaryna hem gaçybatalgalaryna zarba urandygy habar berilýär.

Howa zarbalary 13-nji martda agşamara Ankarada 37 adamynyň ölümine, 120 adamynyň hem ýaralanmagyna getiren güýçli partlamadan sanlyja sagat soňra uruldy.

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Mehmet Muezzinoglu 14-nji martda telewideniýede berlen beýanatynda ýeten ýaralardan ýene üç adamynyň ölendigini aýtdy.

Muezzinoglunyň aýtmagyna görä, 13-nji martda ýaralananlar häzirem keselhanada galýarlar. 19 adamynyň ýagdaýy agyr.

'Parahat ilat nyşana alynýar'

Prezident Rejep Taýyp Erdogan regional durnuksyzlyk zerarly Türkiýäniň soňky ýyllarda terrorçylykly hüjümlere nyşana bolandygyny aýtdy.

Ol terroristik guramalar howpsuzlyk güýçlerine garşy göreşlerinde ýeňlip gelýändikleri üçin indi parahat ilaty nyşana alýarlar diýdi.

Gürrüňi edilýän partlama Ankaranyň "Kyzylaý" skwerinde "Güwenpark" seýil bagynyň ýanynda boldy. Bu ýer Ankaranyň esasy transport we söwda merkezidir.

"NTV" telekanalynyň bildirmegine görä, awtoulagda ýerleşdirilen partlaýjy maddalar seýil bagynyň golaýyndaky awtobus duralgalarynyň gapdalynda ýarylyp, birnäçe ulag ot alypdyr.

"Kyzylaý" skweri Ankarada hökümet edaralarynyň, şol sanda birnäçe ministrligiň hem golaýynda ýerleşýär.

Jogapkärler derňelýär

Partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady. Ýöne premýer-ministr Ahmet Dawutoglu derňewçileriň berk ugurlary yzarlaýandyklaryny, häkimiýetleriň "hüjümiň aňyrsynda ýatan terroristik topar hakynda anyk maglumatlarynyň" bardygyny aýtdy.

Içeri işler ministri Efkan Alanyň bildirmegine görä, derňew işleri 14-nji martda tamamlanansoň, bu hüjümiň aňyrsynda ýatan guramanyň ady belli ediler.

Häzirki hüjüm geçen bäş aýyň içinde Ankarada premýer-ministriň edarasyna, parlamente, daşary ýurt ilçihanalaryna ýakyn ýerde bolan üçünji hüjümdir.

Türkiýe häzir "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine we ýurduň öz içinden bolan "Kürdüstan işçiler partiýasy” PKK-nyň söweşijilerine garşy göreşýär.

Paýtagt Ankarada bolan partlamanyň pidalarynyň suratlary sosial mediada paýlaşylandan soň türk sudy 13-nji martda "Facebook" we "Twitter" sosial ulgamlaryny baglamaly diýen karara geldi.

Türkiýede sosial mediadan peýdalanýanlar "CNN Türk" we "NTV" telekanallarynyň saýtlaryna girmegiň hem kynlaşandygyny bildirýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG