Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türk uçarlary PKK-nyň 45 agzasyny öldürdi


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň harbylary Ankarada bolan adam heläkçilikli partlamanyň yzýany Yragyň demirgazygynda amala aşyran howa zarbalarynyň netijesinde azyndan 45 sany kürt gozgalaňçysyny öldürendiklerini aýtdylar.

Türkiýäniň söweş uçarlary 14-nji martda “Kürdüstanyň işçi partiýasynyň” (PKK) pozisiýalaryny bombaladylar. Bir gün mundan ozal Ankarada janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjümi zerarly 37 adam wepat boldy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu hüjümleriň kürt söweşijileriň eden işidigine häkimiýetleriň “dolulygyna diýen ýaly ygtybarlydygyny” mälim etdi.

15-nji martda çap bolan harby beýannama görä, PKK-nyň ýerleşýän esasy ýeri hasaplanylýan Kandil daglyk giňişliginde geçirilen howa hüjümlerinde iki ýarag saklanýan ýeri we iki raketa pozisiýasy hem ýok edilipdir.

Harbylaryň beýannamasy derhal tassyklanmady.

Ankaradaky partlama soňky bäş aýyň dowamynda hökümetiň, parlamentiň we daşary ýurtlaryň Türkiýedäki ilçihanasynyň golaýynda bolan üçünji hüjümdir. Türkiýe öz günorta-gündogarynda “Yslam döwleti” toparyna we PKK-nyň söweşijilerine garşy göreş alyp barýar.

XS
SM
MD
LG