Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýadan goşun çekmäge taýýarlanýar


Orsýetiň harby uçarlary, Hmeimim harby bazasy, Latakia, fewral, 2016
Orsýetiň harby uçarlary, Hmeimim harby bazasy, Latakia, fewral, 2016

Orsýet Siriýadan harby enjamlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Munuň öňüsyrasynda prezident Wladimir Putin Orsýetiň ýaragly güýçlerine uruşa gaplanan ýurtdan çykyp başlamagy tabşyrdy.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň 15-nji martda çap eden beýannamasynda “howa bazasynyň tehniki işgärleri uçarlary Orsýet Federasiýasyndaky howa bazalaryna geçirmek boýunça uzak aralykdaky uçuşa taýýarlaýarlar” diýlip habar berildi.

Beýannamada harbylaryň gurallary we serişdeleri uçarlara ýükleýändigi hem aýdyldy.

14-nji martda Wladimir Putin Orsýetiň harby güýçleriniň Siriýadaky maksatlaryna esasan ýetendigini aýtdy we Orsýetiň goşunlarynyň Siriýadan çekilmeginiň konfliktiň syýasy çözgüdi üçin itergi bermegine umyt bildirdi.

Orsýetiň Siriýada 50-den gowrak söweş uçary we dikuçary, olary goraýjy uly bolmadyk topary we Siriýanyň harbylary bilen işleşýän geňeşçileriniň hem ýörite güýçleriniň ençemesi bar.

Putin Orsýetiň güýçleriniň Ortaýer deňzindäki harby-deňiz bazasynda we Latakia welaýatyndaky Hmeimim howa bazasynda ýerleşjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG