Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda 'yslamçylar' tussag edildi


Dagystanyň "Gündogar" metjidiniň daşynda, Hasawýurt

Dagystanyň "Gündogar" metjidiniň daşynda, Hasawýurt

Orsýetiň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionyndaky Dagystan respublikasynda gadagan edilen yslamçy toparyň agzasy bolmakda güman edilen 14 adam tussag edildi.

Ýerli resmileriň 15-nji martda aýtmagyna görä, tussag edilenler “Nurjular” toparynyň agzalary bolmakda güman edilýärler.

Olaryň biri Ziawdin Dapaýew toparyň Orsýetdäki bölüminiň lideri bolmakda güman edilýär.

2013-nji ýyldan bäri Orsýetiň dürli künjeklerinde, şol sanda Moskwada we Sankt Peterburgda “Nurjular” toparynyň agzasy bolmakda güman edilen adamlaryň ençemesi tussag edildi.

“Nurjular” topary Türkiýede yslam alym Said Nursi tarapyndan döredildi. Bu topar 2008-nji ýylda Orsýetde gadagan edildi.

Orsýetiň häkimiýetleri toparyň ähli türki dilli regionlary öz içine alýan “yslam döwletini” döretmek maksadyna eýerýändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG