Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň oppozisiýa wekiline iş kesildi


Mammad Ibrahim

Mammad Ibrahim

Azerbaýjanda oppozisiýa wekili üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Bakunyň sudy 15-nji martda Azerbaýjanyň oppozision “Halk fronty partiýasyny” geňeşçisi Mammad Ibrahimi başbozarlykda günäledi we şol günüň özünde türme tussaglygyna höküm etdi.

Ibrahim sentýabr aýynda tussag astyna alnypdy. Ol ýöňkelýän günäni ret edýär we özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply diýip atlandyrýar.
Ibrahimiň aklawçysy Ýalçin Imanow suduň kararyndan şikaýat etmekçidigini aýtdy.

Ibrahimiň ogly “Halk fronty partiýasynyň” ýaşlar komitetiniň agzasy Turan Ibrahim ýanwar aýynda ýedi günlük tussaglyga höküm edilipdi. Ol köpçüligiň içinde hapa sözleri ulanmakda, polisiýa garşylyk görkezmekde we jemgyýetçilik tertibini bozmakda aýyplanypdy.

XS
SM
MD
LG