Sepleriň elýeterliligi

BMG: Eýranyň raketa synagy dawa döretdi


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samantha Power, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty, Nýu Ýork, 14-nji mart, 2016.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samantha Power, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty, Nýu Ýork, 14-nji mart, 2016.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 14-nji martda geçirilen maslahatynda ABŞ-nyň we Orsýetiň arasynda Eýranyň geçen hepdede amala aşyran ballistik raketa synaglarynyň BMG-niň rezolýusiýasyna garşy çykyp-çykmazlygy barada dawa döredi.

Ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilen gepleşiklerden soň Orsýet Tähranyň raketa synaglarynyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça geçen ýylda baglaşylan ylalaşygyň yzýany kabul edilen rezolýusiýa garşy çykmaýandygyny aýtdy. Orsýet rezolýusiýada Eýrandan ýadro ýaragyny götermäge ukyply ballistik raketalary synamazlygyň talap edilendigini belledi.

Emma ABŞ raketa synaglarynyň rezolýusiýa ters gelýändigini aýdyp, Howpsuzlyk Geňeşiniň goşmaça sanksiýalary girizmegini talap etdi.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samantha Power raketalar “ýadro ýaragyny götermäge ukyply görnüşde döredildi” diýip belledi we Eýranyň raketa synaglaryny “howply, durnuksyzlandyryjy we prowokatiw” diýip atlandyrdy.

Power Orsýeti Eranyň ýadro ylalaşygynyň şertlerini berjaý etmegine güwä geçmekde “kollektiwleýin jogapkärçiligi güýçlendirmegiň ýerine, hereketsizlige bahana gözlemek işini aklamakda” aýyplady.

XS
SM
MD
LG