Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebitiň bahasy ýene pese gaçdy


OPEK guramasynyň baş sekretary Abdalla Salem El-Badri (ç) we Orsýetiň Energiýa ministri Aleksandr Nowak (s)
OPEK guramasynyň baş sekretary Abdalla Salem El-Badri (ç) we Orsýetiň Energiýa ministri Aleksandr Nowak (s)

Nebitiň bahasy Orsýetiň we OPEK guramasynyň esasy nebit öndürijileriniň önümçiligi çäklendirmek boýunça kararyna Eýranyň garşy çykmagy baradaky howatyrlanmalar bilen baglylykda ýene pese gaçdy.

Ýokary hilli çig nebitiň bahasy 14-nji martda 3% pese gaçdy we 15-nji martda Orsýetiň Energiýa ministri Aleksandr Nowak Tähranyň şu ýyl önümçiligi çäklendirmek işine derhal goşulmajagyny aýdansoň ýene peselip, 40 dollardan aşak düşdi.

Nowak Eýranyň öz nebit önümçiligini halkara sanksiýalardan ozalky derejä ýetireninden soň, önümçiligi çäklendirilmek boýunça işe goşulmagynyň mümkindigini belledi.

Eýranyň nebit önümçiligi ýanwar aýynda ýatyrylan halkara sanksiýalary sebäpli günde üç million barrel möçberinde çäklendirilipdi, sanksiýalardan ozal günde dört million barrel öndürilýärdi.

XS
SM
MD
LG