Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forum: Türkiýedäki partlamalaryň migrantlara täsiri


Türk polisiýasy.
Türk polisiýasy.

Türkiýede soňky bir iki aýylykda bolan ençeme terror hüjümlerinden soňra, howpsuzlyk çäreleri barha güýçlendirildi. Jemgyýetçilik ýerlerinde adamlar saklanyp barlanýar, olaryň dokumentleri kontrol edilýär.

Bu ýagdaý bolsa, esasanam Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan adamlara, şol sanda migrantlara öz täsirini ýetirýär. Şeýle toparlardan birem Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlardyr.

Bu ýagdaý bolsa, diňe Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan migrantlary däl, olaryň Türkmenistanda ýaşaýan dogan garyndaşlaryny hem alada goýýar.

Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýedäki türkmenistanly migrantlar bilen soňky döwürlerde bu ýurtda bolup geçýän dartgynlygyň migrantlara ýetirýän täsirleri barada gürrüň edilýär.

Bu temada taýýarlanjak gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org elektronik poçta salgysynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG