Sepleriň elýeterliligi

Eýran ‘howsalasy’ nebitiň bahasyny gaçyrdy


Eýranyň nebit geçirijileri

Eýranyň nebit geçirijileri

Nebitiň dünýä bazaryndaky bahasy, Russiýanyň we OPEK-e agza bolan nebit öndüriji döwletleriň nebitiň öndürilişini azaltmak ugrundaky tagallalaryna Eýranyň garşy çykyp biljekdigi bilen bagly ynjalyksyzlyk sebäpli, pese gaçdy.

Russiýanyň energiýa ministri Aleksandr Nowak bu ýyl Tähranyň nebit öndürilişini azaltmak planlara goşulman biljekdigini aýdandan soň, nebitiň bahasy ýene 3% peselip, ol 40$-dan hem aşak gaçdy.

Şeýle-de Nowak OPEK-iň agzalarynyň 20-nji marta planlaşdyrylan maslahatynyň aprele çenli gaýra goýuljakdygyny aýtdy. Emma rus resmisi şol bir wagtda-da Eýrandan beýleki esasy nebit öndüriji döwletleriň nebitiň öndürilişini azaltmak boýunça ylalaşyp biljekdiklerine umyt bildirdi.

“Biz Eýranyň ýagdaýynyň kadadançykmadygyna düşünýäris. Eýrana garşy girizilen sanksiýalar maýa taýdan oňa urgy boldy” diýip, Nowak Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh bilen Tähranda geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.

Sanksiýalaryň netijesinde Eýranyň gündelik nebit öndürijiligi 3 million barrele çenli aşak düşüpdi. Sanksiýalaryň şu ýylyň ýanwarynda resmi derejede ýatyrylmagy bilen, bu görkeziji gadagançylykdan ozalky 4 million barrele çenli ýetirildi.

“Umuman alnanda, Eýran nebit eksportýorlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bolan zerurlygy, şol sanda nebit öndürmegi mümkin çäklerde azaltmagy-da goldaýar. Emma Eýran ilki ozalky önümçiliginiň derejesine ýetmeli... Mundan soň, olar [nebit öndürmegi] azaltmak çärelerine goşulmaga taýýar” diýip, Nowak sözüne goşdy.

Şeýle-de Nowak nebitiň önümçiligini togtatmagy wada beren döwletleriň sözünde tapylmadyk halatynda nebitiň bazar bahasynyň “çeýe” bolup biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG