Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Siriýadan harbylaryny çykarýar


Siriýadaky rus harbylary
Siriýadaky rus harbylary

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň beýanatlarynda prezident Wladimir Putiniň buýrugy boýunça Moskwanyň öz harby enjamlaryny Siriýadan çykarmaga başlandygy aýdylýar.

15-nji martda Goranmak ministrligi sany belli edilmedik Su-34 söweş uçarlarynyň Orsýetiň Siriýadaky howa bazalaryny terk edip, Ors Federasiýasyndaky bazalara dolanyp gelýändigini bildirdi.

Moskwa özüniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady güýçlendirmek we "halkara terrorizmine garşy söweşmegi" maksat edinendigini aýdyp, bäş aý mundan ozal Siriýada howadan bombalama kampaniýasyna başlapdy.

14-nji martda Putin operasiýalaryň maksatlarynyň "umuman amala aşyrylandygyny" aýdyp, Orsýetiň öz harby güýçleriniň uly bölegini Siriýadan çykarjakdygyny bildirdi.

Ptin "Biziň bazalarymyz - Tartusdaky harby-deňiz we Hmeýmimdäki harby howa aerodromumyz - hemişekisi ýaly, öz işlerini dowam etdirerler. Olar gury ýerden, deňizden hem howadan berk howpsuzlandyrylmaly. Biziň harby kontingentimiziň bu bölegi däp boýunça ençeme ýyl bäri Siriýada ýerleşýär" diýdi.

Siriýada barýan graždanlyk urşuna syýasy çözgüt tapmak üçin ýola goýlan gepleşikler 14-nji martda Ženewada başlandy. By gepleşikler ikinji gün boýunça 15-nji martda hem dowam eder. Putiniň öz harbylaryna beren buýrugy şu gepleşikleriň geçýän wagtyna gabat gelýär.

Putin bu barada şeýle diýdi: "Men gelnen şu günki karar Siriýada konfliktdäki taraplara gowy yşarat bolar diýip umyt edýärin. Men bu Siriýada ýaraşyk prosesine gatnaşýanlaryň ählisiniň arasynda birek-birege bolan ynam derejesini artdyryp, Siriýa meselesiniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine goşant goşar diýip umyt edýärin".

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Siriýadaky geljekki hereketler barada Kremliň pikir öwürmekçi däldigini bildirdi. Ol soňra hem: "Bu gün edilmeli esasy iş parahatçylygyň ornadylmagyna hemmetaraplaýyn kömek bermek" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Orsýet 30-njy sentýabrdan bäri Siriýada howa zarbalaryny urýar. Moskwanyň aýtmagyna görä, ol terroristleri, şol sanda "Yslam döwleti" diýilýän ýaragly ekstremistik toparyň jeňçilerini hem nyşana alýar. Ýöne günbatar döwletleri Orsýetiň köplenç Assada garşy güýçlere hüjüm edýändigini belleýärler. Bu güýçleriň käbiri bolsa Assady häkimiýet başyndan çetleşdirmek synanyşygynda Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary tarapyndan goldanylýar.

Orsýetiň Federal geňeşiniň goranyş komitetiniň başlygy Wiktor Ozerowyň aýtmagyna görä, Moskwa müň töweregi harby işgärini Siriýadaky bazalarynda saklar. Ol Tartusdaky harby-deňiz bazasyny we Latakiýa welaýatyndaky Hmeýmim howa bazasyny goramak üçin 800 çemesi esger gerek diýdi. Bulardan daşgary, gözegçilik missiýalary üçin hem, harby howa ekipažy Siriýada galar.

Birleşen Ştatlaryň çaklamagyna görä, häzirki yza çekişden ozal, Orsýetiň Siriýadaky ýaragly güýçleriniň sany üç müň bilen alty müňüň aralygynda bolupdyr. Şeýle hem Orsýetiň Hmeýmimdäki söweş uçarlarynyň we dikuçarlarnyň sany 50 töweregi diýip çaklanýar. Orsýet bu bazada kämilleşdirilen S-400 ýer-howa raketa sistemasyny hem ýerleşdirdi.

Assadyň edarasy onuň 14-nji martda Putin bilen telefon arkaly gürleşendigini, bu ikisiniň Orsýetiň Siriýadaky harby güýçlerini azaltmagyny ylalaşandyklaryny bildirdi. Beýannamada bu karar terrorizme garşy göreşde we hökümetiň ýurduň möhüm regionlaryny öz eline geçirmeginde "üstünlik" gazanylandygyny görkezýär diýilýär.

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygynyň orunbasary we Daşary işler komitetiniň ýolbaşçysy Alekseý Puşkow Twitterde "duşmançylygy duruzmaga we Siriýada gepleşiklere girişmäge şert döreden ýeke-täk zat" Orsýetiň operasiýalary diýdi.

XS
SM
MD
LG