Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran BMG-niň hasabatyny ýazgardy


BMG-niň Eýran boýunça ýörite hasabatçysy Ahmed Şaheed

BMG-niň Eýran boýunça ýörite hasabatçysy Ahmed Şaheed

Tähran BMG-niň Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýyny ýazgarýan hasabatyny tankyt etdi.

BMG-niň Eýran boýunça ýörite hasabatçysy Ahmed Şaheed ýurtda aýratynam ýaş tussaglaryň jezalandyrylmagy bilen bagly wakalaryň örän köp bolmagyndan aladalanma bildirdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine 14-nji martda beren hasabatynda Ahmed Şaheed halkara kanunlarynda göz öňünde tutulan gadagançylyklara garamazdan, Eýranyň 2014-2015-nji ýyllarda kämillik ýaşyna ýetmedik azyndan 16 tussagy asyp öldürendigini aýtdy.

Emma Eýranyň daşary işler ministri Hossein Jaber Ansari 16-njy martda eden çykyşynda Şaheediň hasabatyny “hakykata gabat gelmeýän we syýasy matlaply” diýip atlandyrdy.

Şaheed Eýranda milli howpsuzlyk we neşe bilen bagly aýyplamalar esasynda tussag edilenleriň köplenç adalatly sud prosesinden mahrum bolýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG