Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe alymlary 'terrorçy propagandada' aýyplady


Türkiýäniň günorta-gündogarynda kürt gozgalaňçylaryň polisiýa bilen çaknyşygyndan soň, Daýarbakir, fewral, 2016
Türkiýäniň günorta-gündogarynda kürt gozgalaňçylaryň polisiýa bilen çaknyşygyndan soň, Daýarbakir, fewral, 2016

Türkiýäniň häkimiýetleri “terrorçylygyň propagandasy” üçin üç sany akademigi tussag etdi. Alymlar Türkiýäniň kürtleriň köplük bolup ýaşaýan günorta-gündogarynda geçirilýän howpsuzlyk çäreleriniň bes edilmegine çagyryş edýändeklarasiýa bilen köpçüligiň içinde çykyş etdiler.

Türkiýäniň hökümeti 13-nji martda janyndan geçen hüjümçiniň Ankarada amala aşyran hüjüminde “Kürdüstanyň işçi partiýasyny” (PKK) aýyplady. Partlamada 37 adam wepat boldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Ýanwar aýynda professorlaryň we alymlaryň 2000-den gowragy petisiýa gol çekip, hökümetiň ýurduň günorta-gündogarynda geçirýän harby çärelerini ýazgardylar.

Iýul aýynda PKK bilen konfliktiň güýçlenmeginden soň raýatlaryň, howpsuzlyk güýçleriniň we gozgalaňçylaryň ýüzlerçesi öldürildi. Bu Türkiýede soňky 20 ýylyň dowamynda iň güýçli zorluk boldy.

XS
SM
MD
LG