Sepleriň elýeterliligi

Paşawar: Partlamada azyndan 15 adam wepat boldy


Partlamanyň bolan ýerinde, Peşawar, 16-njy mart, 2016.

Partlamanyň bolan ýerinde, Peşawar, 16-njy mart, 2016.

Pakistanyň Peşawar şäherinde awtobusyň içinde bolan bomba partlamasynda azyndan 15 adam wepat boldy we 20-den gowrak adam ýaralandy, diýip resmiler 16-njy martda habar berdiler.

Partlama köp adamly Saddar söwda etrabynda hökümet işgärlerini işe alyp barýan awtobusda boldy.

Partlamanyň bolan ýerinde žurnalistler bilen söhbetdeş bolan polisiýanyň baş resmisi Abbas Majid Marwat awtobusyň hökümet işgärlerini Mardan şäherinden Peşawara alyp barandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG