Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň söweş uçarlary Siriýany terk edýär


Hmeimim harby bazasyny terk eden orsýet uçarlary, 15-nji mart, 2016.

Hmeimim harby bazasyny terk eden orsýet uçarlary, 15-nji mart, 2016.

Orsýetiň Goranmak ministrligi orsýet uçarlarynyň ýene bir toparynyň Orsýetdäki hemişelik ýerine aşmak üçin Siriýadaky Hmeimim howa bazasyny terk edendigini habar berdi.

Toparyň düzümine “Ilýuşin-76” transport uçarlary we “Suhoý-25” söweş uçarlary girýär, diýlip 16-njy martda habar berildi.

15-nji martda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň uçarlarynyň esasy böleginiň Siriýany terk etmegine başlamagy tabşyrdy.

Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini goldamak we “halkara terrorçylyga garşy göreşmek” maksatly ýurtda howa hüjümlerine başlamagyndan bäş aý geçensoň Siriýadan öz uçarlaryny çykarýar.

XS
SM
MD
LG