Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Berdimuhamedowdan tama çykmady"


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen

«2015-nji ýylda Türkmenistana diňe 913 adam syýahatçy wizasyny alyp bildi, ýogsa ýapyklygy üçin bu ýurda bolan gyzyklanma peselmän, barha ýokarlanýar» diýip, ÝHHG-nyň Bişkekdäki barlaglar we tälimler akademiýasynyň utgaşdyryjysy, syýasaty öwrenji Swetlana Dzardanowanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň reformalaryna synynda aýdylýar.

Awtor Türkmenistanyň ýönekeý adamlar, barlagçylar üçin, şonuň bilen birlikde karar kabul etmek prosesine dahylly adamlar üçinem ýapykdygyny aýdyp, ýurtda häkimiýet çalşaly bäri geçen on ýyla golaý wagt içinde, täze prezidentiň reformalaryna baha bermegiň maksadalaýyk boljagyny belleýär.

Onuň pikirine görä, halkara jemgyýetçiliginiň täze prezidentden eden uly tamalary, şol sanda demokratizasiýa, ýurtda adam hukuklarynyň, ykdysadyýetiň, hyzmatdaşlygyň we aýdyňlygyň ýagdaýyny gowulaşdyrmak barada eden tamalary çykmady.

Ýöne Dzardanowa Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyryşynyň başynda çykarylan kararlaryň we edilen hereketleriň bir toparynyň hakykatdanam geçmişde goýberilen ýalňyşlary we eksperimentleri aradan aýyrmaga gönükdirilendigini belleýär.

Analiziň «Serişdeler we häkimiýet» diýen bölüminde prezidentiň ähli serişdäni öz eline jemländigi aýdylýar.

«Türkmenbaşydan tapawutlylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýetim däl we iň kän agzaly teke tiresinden gelip çykan» diýip, synda Saparmyrat Nyýazowyň kadrlary çalyşmak sistemasyna daýanandygy, emma Gurbanguly Berdimuhamedowyň klan sistemasyny gurandygy bellenilýär.

Şeýle-de synda Berdimuhamedowyň öz pozisiýasyny berkitmek üçin bada-bat maşgala agzalaryny we öz klanynyň wekillerini esasy wezipelere çekendigi, esasy aktiwleri öz eline jemländigi aýdylýar.

Awtor bu sözüne delil hökmünde Türkmenistanyň Mejlisiniň 2008-nji ýylyň 20-nji awgustynda «Uglewodorod serişdeleri hakynda» kabul eden kanunynyň hakykatda tutuş pudagy G.Berdimuhamedowyň kontroly astyna berendigini aýdýar.

Mundanam başga, 2008-nji ýylda täze konstitusiýa gol çekilmegi bilen, Berdimuhamedowyň 2500 agzaly Halk maslahatynyň ygtyýarlygyny prezidentiň we parlamentiň arasynda paýlandygy bellenilýär.

Synda Berdimuhamedowyň daşky görnüş üçin köppartiýalylyk sistemasyny döredendigi, emma synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, hemme zadyň prezidentiň garyndaşlarynyň täsir sferasyna bölünendigi aýdylýar. Muňa delil edip, awtor prezidentiň giýewisiniň, ýegenleriniň, oglunyň, hatda agtygy Kerimgulynyň «jemgyýetdäki orunlaryna» ünsi çekýär.

Syýasaty öwreniji Setlana Drazdanowanyň synynda «Ykdysadyýet we bilim», «Bitaraplyk: daşary syýasat we howpsuzlyk», «Şahsyýet kulty we awtoritar režimiň berkidilmegi» barada hem mysallar esasynda gürrüň edilýär.

Onuň gelýän netijelerine görä, Berdimuhamedow ýurtda kök uran awtoritar režimi üýtgetjek bolman, diňe Türkmenbaşynyň şahsyýet kultuny özüniňki bilen çalşyrmak bilen çäklenipdir.

Synyň jemlemesinde ýurtda edilýän zatlaryň köpüsiniň daşardaky synçylara we ýurt ilatyna prezidentiň at-abraýyny, döwletiň baýlygyny we ösüşini güjeňlemäge gönükdirilendigi aýdylýar.

«Gynansak-da, otelleriň ägrit uly sanyna, Hazaryň boýundaky syýahatçylyk zolagynyň düýpli ösdürilmegine garamazdan, Türkmenistan syýahatçylar üçin ýapyk ýurt bolup galýar» diýip, awtor netijä gelýär. Ýöne awtor Türkmenistanyň bitaraplyk durumy, sebitde parahatçylygyň tarapdary hökmünde belli bir diplomatiki üstünlikleri gazanandygyny hem belleýär.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan BMG, ÝHHG we beýleki halkara guramalar tarapyndan demokratizasiýa, azatlyklar we adam hukuklary ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly tankyda beýle bir ynjalykdan gaçýar diýmek kyn diýip, ÝHHG-nyň Bişkekdäki barlaglar we tälimler akademiýasynyň utgaşdyryjysy, syýasaty öwrenži Swetlana Dzardanowanyň prezident Berdimuhamedowyň reformalaryna synynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG