Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Klinton, Trump Floridada ýeňiş gazandylar


Hillari Klinton we Donald Trump

Hillari Klinton we Donald Trump

ABŞ-nyň telekanallary Respublikan partiýasyndan Donald Trumpyň we Demokratik partiýasyndan Hillari Kiltonyň ABŞ-nyň prezidentlik saýlaw prosesinde iň agyr günleriniň birinde öz partiýalarynyň Florida ştatynda geçirilen saýlaw geňeşlerinde öňe saýlanandygyny görkezdiler.

ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Hillari Klintonyň 15-nji martda özüniň esasy bäsdeşi senator Bernie Sandersden Demirgazyk Karolinada, Illinoisda we Ohioda üstün çykyp, günorta we orta günbatar ştatlaryň bäşisinden dördüsinde üstün çykandygyny görkezildi.

Milliarder Donald Trump özüniň bäsdeşi Marko Rubiodan üstün çykdy.
Şeýle-de Trump Demirgazyk Karolinada we Illinoýsda ýeňiş gazandy.

XS
SM
MD
LG