Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Klinton, Trump Floridada ýeňiş gazandylar


Hillary Klinton we Donald Trump
Hillary Klinton we Donald Trump

Amerikanyň telewideniýesi Birleşen Ştatlaryň prezidentlik saýlawlarynda häzirki ähmiýetli günlerde respublikan Donald Trump bilen demokrat Hillary Klintonyň Floridada öz partiýalarynyň deslapky saýlawlarynda utandyklaryny görkezdiler.

Birleşen Ştatlaryň öňki döwlet sekretary Hillary Klinton, şeýle-de Demirgazyk Karolinada, Illinoisda we Ogaýoda bäsdeşi senator Berni Sandersden üstün çykyp, 15-nji mart "ikinji super sişenbede" bäş günorta we orta-günbatar ştatlaryň dördüsini öz tarapyna geçirdi.

Gazanylan bu dört utuş Klintony ýene azyndan 326 delegat bilen üpjün edýär. Bular öňümizdäki tomus demokratlaryň kandidat bellemek boýunça geçirjek ýagnagynda hanym Klintona ses bererler. Sandersiň gazanany bolsa 220 delegat.

Klinton Demirgazyk Karolinada alyp baran kampaniýasynda: "Sanlar meniň bähbidime barha artmak bilen" diýip, özüniň demokratlaryň kandidaty bolmak hukugyny gazanmaga ýakynlaşandygyny belledi. Öz maksadyny amala aşyryp bilse, onda ol Birleşen Ştatlaryň taryhynda kandidat bellenmekde bir partiýada köplük tarapyndan oňlanan ilkinji aýal bolar.

Klinton ilerläp, umumy saýlawda özüniň mümkin bäsdeşi Trump bilen güýç synanyşmaga meýillidigini duýduryp, ony ýurt üçin "howply ýoly" taýýarlaýanlykda, aýallar we azlyklar hakda äsgermezçilikli gürlemekde aýyplady.

Klinton: "Biziň baş serkerdämiz ýurdumyzy goramagy başarmaly, ony kyn ýagdaýa salmaly däl" diýdi.

Milliarder Trump hem öz gezeginde Marko Rubiony onuň öz ştaty Floridada aňsatlyk bilen ýeňip, "Respublikan" partiýanyň iýulda geçjek kandidatlyk ýygnagy üçin bu ştatyň 99 delegatynyň hemmesini öz tarapynda geçirdi.

Trump Demirgazyk Karolinada we Illinoisde hem deslapky saýlawlarda utup, özüni goldajak delegatlaryň sanyny artdyrdy. Ol üç ştatda ýeňiş gazanmak bilen azyndan ýene 159 delegatyň sesini özi üçin taýynlap, delegatlaryň jemini 619-a ýetirdi. Onuň bäsdeşi senator Ted Kruzyň delegatlarynyň sany bolsa 394.

Prezidentlik saýlawlaryna respublikanlar tarapyndan kandidat bellenmegi üçin Trumpa 1237 delegat gerek. "Respublikan" partiýasynyň Trumpa garşy liderleriniň ileri tutýan dalaşgäri Rubionyň öz ştatynda ýeňilmegi onuň ýaryşdan çekilmegine sebäp boldy.

Rubio adamlaryň hökümete bolan gaharynyň we närazylygynyň Trumpyň täsiriniň artmagyna getiren güýjüni 'tsunami" diýip atlandyryp: "Şeýle boljagyny öňünden görmelidik" diýdi.

Trumpyň beýleki bäsdeşi Ogaýo ştatynyň gubernatory Jon Kasik öz ştatynda ýeňiş gazanmak bilen Trumpyň badyny gowşatdy.

Trumpyň garşydaşlarynyň onuň Ak tama tarap ýönelen hereketini bir ýol bilen durzup bolar diýen umydyny häzir hem diri saklaýan Kasigiň Ogaýoda 66 delegaty gazananlygy.

Missuri barada beýleki habar ulgamlary entek bir zat aýtmasa-da, "MSNBC" telekanaly bu ýerde hem ýeňiş gazananlar diýip, Trump bilen Klintony berýär. Saýlaw geçirilen bäş ştatda ses berişlik indi tamamlandy.

XS
SM
MD
LG