Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlara metjit saldyrmadylar


ABŞ-da bir metjit. Illýustrasiýa
ABŞ-da bir metjit. Illýustrasiýa

Nýu Jerside musulmanlaryň täze metjit salmak barada beren arzasy ret edildi.

ABŞ-nyň Nýu Jersi ştatynyň Basking Ridge şäheriniň Mohammad Ali Chaudry atly owalky şäher häkiminiň baştutanlyk edýän Yslam jemgyýeti 1,62 gektar mülk satyn alyp, ol ýerde metjit gurmak barada karara gelipdir.

Jemgyýetiň hünärmenleriniň we işgärleriniň öňe sürmegine görä, guruljak ymaradyň hemme aýratynlyklary kanuny talaplara gabat gelýär.

Jemgyýet şol bir wagtyň özünde başga bir dini toparyň goňşy şäherde gurmak isleýän metjidi barasynda halk arasynda ýaýran gep-gürrüňlerden hem özüne görä oňaýly netije çykarypyr we gurluşyk planyny täze ýagdaýa uýgunlaşdyrypdyr. Şeýlelikde täze salynjak metjidiň gümmezi bolmaz. Metjidiň minaralary bolsa golaýdaky öýleriň üçegine meňzediler. Şol bir wagtyň özünde hem metjidiň belentligi şäherdäki ybadathanalardan pes bolar.

Metjidiň jaýynyň umumy meýdançasy 395 inedördül metr bolar. Muňa 150 adamyň bilelikde ybadat edip biljek 148 inedördül metrlik ybadat zaly hem degişlidir.

Kyrk ýyla golaý wagtdan bäri Basking Ridge şäherinde ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hem owalky şäher häkimi bolan Mohammad Ali Chaudry AT&T atly mobil aragatnaşyk ulgamy firmasynyň hem ol ýerdäki wekili. Ol şäheriň Bilim geňeşiniň hem agzasy. Jenap Chaudry, abraýly Tafts uniwersitetiniň hem ykdysadyýet ugru boýunça doktorlyk derejesine eýe bolan adam.

Häzire çenli jemgyýetiň juma namazlaryna aňrybaşy 65 adam gatnaşypdyr. Juma namazlary kireýine tutulan zallarda, kämahal hem seýilgählerde berjaý edilýär eken.

Jenap Chaudry başda metjidiň proýektini degişli geňeşe tabşyrandan soň, onuň bir ýylyň içinde dikeldiljekdigini çaklapdyr.

Ýöne ol şondan soň dört ýyllap, şäher häkimiýetleriniň we planlaşdyryş geňeşiniň görkezmelerine görä, geljekki metjidiň gurluşyk planyna dürli talaplary hem üýtgeşiklikleri girizmeli bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde hem munuň bilen baglanyşykly jemi 39 ýüzleşme maslahatynda dürli sowallara düşündiriş bermeli bolupdyr. Barlagçylardyr-resmiler köplenç metjit salynjak bolýan ýeriň metjit üçin amatly däldigini öňe süren bolsa, kämahal hem guruljak jaýyň ýoluň beýleki tarapyndaky meýletin ýangyn söndürýänleriň merkeziniň işine päsgelçilik döretjekdigini nygtapdyrlar.

Metjidiň gurluşygyna bolan iň uly garşylyk – onuň "Amerikanyň gymmatlyklaryna we azatlyklaryna salynýan howpdugy hakdaky pikir bilen bagly bolup, bu iň uly howplaryň biri" hökmünde öňe sürlüpdir. Şeýlelikde bu garaýyş hem metjit gurmak tagallasyna garşy aldym-berdimli kampanýanyň başlanmagyna sebäp bolupdyr.

Ahyrynda dekabr aýynda metjit gurmak üçin berlen arza hem ret edilipdir. Metjidiň salynjak bolýan ýeri bolsa 2011-nji ýylda satyn alnan wagtyndaky ýaly mülk aýratynlygyny goramagy dowam edýär.

Yslam jemgyýeti geçen anna güni federal kazyýete beren arzasynda şäheriň planlaşdyryş geňeşiniň kabul eden karary bilen aslynda Kongresiň 2000-nji ýylda kabul eden kanunyny bozandygyna ünsi çekýär. Ol kanun bolsa ybadat edilýän ýerleriň mülklerden peýdalanmak kadalarynyň döredýän esassyz päsgelçiliklerden goralmagyny göz öňünde tutýar.

Yslam jemgyýeti özüniň 111 sahypalyk arzasynda şäheriň planlaşdyryş geňeşiniň kabul eden kararynyň raýatlaryň dini ygtykatlaryny erkin ýagdaýda durmuşa geçirmek hukugyny bozandyny bildirýär. Şeýle-de arzada dini jemgyýetiň şäheriň planlaşdyryyş edarasynyň metjidiň maksatnamasyny tassyklamagyna garaşýarka "Kafka öwrümi prosesine" duçar bolupdyr.

Basking Ridge şäheriniň ýaşaýjysy Lori Caratzola metjidiniň salynmagyna garşydygyny bildiripdir. Ol munuň bilen baglanyşykly geçirilen ähli maslahatlara gatnaşypdyr we gaty köp sorag beripdir. Onuň pikriçe, kabul edilen karar dogrudyr.

Zenan Lori Caratzola soňky 20 ýylda gurnalan "her bir terrorçylykly hüjümiň" musulmanlar tarapyndan gurnalandygyny öňe sürüpdir. Ýöne ol muny aýdan mahaly näme üçindir ABŞ-da yslam bilen arabaglanyşygy bolmadyk adamlar tarapyndan köpçülige garşy oka atan gezeklerini ýatlamak islemändir.

XS
SM
MD
LG