Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Putini Sawçenkony boşatmaga çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç)
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç)

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we dünýäniň uly ykdysadyýetli döwletleri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini ukrainaly pilot Nadýa Sawçenkony boşatmaga çagyrdylar.

Obama Putin bilen 16-njy martda telefon arkaly geçiren gepleşiginde öz tussaglygyna protest bildirip, açlyk yglan eden Sawçenkony boşatmagyň we bikanun tussag edilenleri boşatmagy talap edýän Minsk ylalaşygyny doly berjaý etmegiň zerurlygyny nygtady.

Ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň “Uly 7”-lik guramasynyň Kiýewdäki ilçisi Sawçenkonyň saglygyna “çynlakaý aladalanma” bildirdi. Bu barada ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasynyň websaýtynda habar berildi.

Orsýetiň häkimiýetleri 34 ýaşly Sawçenkony konfliktiň dowamynda iki žurnalistiň ölümine sebäp bolan ok atyşygy sazlaşdyrmakda aýylaýarlar. Prokurorlar Sawçenkony 23 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi soraýarlar.

XS
SM
MD
LG