Sepleriň elýeterliligi

Baku: Abraýly žurnalist tussaglykdan boşadyldy


Rauf Mirkadyrow, 17-nji mart, 2016

Rauf Mirkadyrow, 17-nji mart, 2016

Bakuwyň sudy dekabr aýynda ýokary derejede dönüklikde aýyplanyp sud edilenabraýly azerbaýjanly žurnalisti tussaglykdan boşatdy.

17-nji matda Bakuwyň Şikaýat sudy Rauf Mirkadyrowyň 6 ýarym ýyllyk türme tussaglygyny bäş ýyllyk şertli tussaglyga çalşyrdy.

Mirkadyrow dessine türmeden goýberildi.

Mirkadyrow Ermenistanyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, 28-nji dekabrda sud edildi. Ol özüne ýöňkelen günäni syýasy matlaply diýip atlandyrdy.

Mirkadyrow 2014-nji ýylda Türkiýeden deportasiýa edilensoň tussag astyna düşüpdi. Žurnalistiň tussaglygy halkara derejesinde ýazgaryldy.

XS
SM
MD
LG