Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara: Kürt topary hüjümiň jogapkärçiligini üstüne aldy


Baglar etraby Türkiýäniň ýörite güýçleriniň we PKK-nyň söweşijileriniň arasynda bolan çaknyşykdan soň, Diýarbakir, 15-nji mart, 2016.
Baglar etraby Türkiýäniň ýörite güýçleriniň we PKK-nyň söweşijileriniň arasynda bolan çaknyşykdan soň, Diýarbakir, 15-nji mart, 2016.

“Kürdüstanyň işçi partiýasynyň” (PKK) bölünen topary 13-nji martda Ankarada bolan we 37 adamyň ölümine getiren hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

“13-nji martda agşam faşist türk respublikasynyň köçelerinde janyndan geçen hüjümçiniň hüjümi amala aşyryldy” diýilip “Kürdüstanyň azatlyk laçynlary” (TAK) toparynyň websaýtynda 17-nji martda çap edilen maglumatda aýdyldy.

Maglumatda hüjümiň Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň kürtleriň köplük bolup ýaşaýan günorta-gündogar regionlarda amala aşyrýan howpsuzlyk çärelerine jogap bolup durýandygyny aýdyldy.

13-nji martda bolan hüjümden üç hepde ozal Ankarada 29 adamyň ölümine sebäp bolan ýene bir hüjümiň jogapkärçiligini hem TAK topary öz üstüne alypdy.

Soňky hüjümleriň yzýany Türkiýäniň häkimiýetleri PKK-ny aýypladylar. Ankara “Kürdüstanyň işçi partiýasyna” garşy bir ýyl bäri gandöküşikli kampaniýany alyp barýar.

XS
SM
MD
LG