Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet siganlaryň garşylygyny ýatyrmak üçin çäre gördi


Tula regionynyň Plehanowo şäheri, "TeleTula" TW-siniň wideosyndan pursat,17-nji mart, 2016.

Tula regionynyň Plehanowo şäheri, "TeleTula" TW-siniň wideosyndan pursat,17-nji mart, 2016.

Orsýet Moskwadan günorta tarapda ýerleşýän şäherde siganlaryň gazyň kesilmegine garşy çykyş edip geçirýän protestini basyp ýatyrmak üçin howpsuzlyk güýçleriniň ýüzlerçe wekilini iberdi.

17-nji martda Tula regionynyň Plehanowo şäherinde 500 çemesi howpsuzlyk wekili ýerleşdirildi.

Mundan bir gün öň ýüzlerçe adam köçä çykyp siganlaryň öýlerine gaz üpjünçiliginiň kesilmegine protest bildirdiler.

Käbir protestçiler polisiýany daşladylar we şäheriň häkimiýet binasynyň öňünde tigir otladylar.

Häkimiýetler gazyň kesilmeginiň şäheriň esasy gaz turbasyna zeper ýetmegi bilen baglydygyny aýtdylar we bu ýagdaýyň döremeginde sigan jemgyýetini aýypladylar.

Sigan jemgyýeti aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG