Sepleriň elýeterliligi

ÝB, Türkiýe migrant ylalaşygyny geňeşýär


Egeý deňzi arkaly Lesbos adasyna gelen bosgyn gyz

Egeý deňzi arkaly Lesbos adasyna gelen bosgyn gyz

Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýäniň liderleri 17-18-nji martda müňläp migrantyň Egeý deňzi arkaly Gresiýa aşmagyny togtatmak barada ylalaşyk baglaşmak üçin duşuşýar.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Brýusseldäki iki günlük sammitde migrant krizisini çözmek barada ylalaşyga gelmek üçin entek «edilmeli işiň kändigini» duýdurdy.

ÝB-niň liderleriniň ara alyp maslahatlaşýan plany ilki Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu tarapyndan on gün ozal teklip edilen migrant «çalyşmak» ylalaşygyny hem öz içine alýar. Bu ylalaşyk esasynda Türkiýe öz kenarlaryndan grek adalaryna aşan migrantlaryň ählisini yzyna alar we muňa derek ÝB Türkiýedäki bosgunlaryň has köpüsini kabul eder.

Bu ýerde maksat «adam gaçakçylarynyň biznes modelini döwmekden» we gaçybatalga agtarýanlara öz janlaryny töwekgellige salmazdan, başga bir alternatiwa hödürlemekden ybarat diýip, resmiler aýtdylar.

Taslama dokumentde bu plan «adamlaryň jebir çekmegini soňlamak we jemgyýetçilik tertip-düzgünini dikeltmek üçin zerur bolan wagtlaýyn we adatdan daşary çäre» hökmünde häsiýetlendirilýär.

Emma Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy baradaky gepleşikleriň oňuşmazlyklary, hususan-da Türkiýe bilen Kipriň arasynda uzaga çeken konflikt zerarly tutuş ylalaşygyň başa barmazlyk töwekgelligi bar. Bu konflikt Ankaranyň Kipre ÝB-niň beýleki döwletlerine türk portlary we uçar meýdanlary babatda beren hukuklaryny bermekden ýüz öwürmegine sebäp bolupdy.

Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades, eger-de Ankara Kipri ykrar etmäge razy bolsa, diňe şonda goşulmak baplaryna goýlan wetony ýatyrjagyny aýtdy.

Türkiýe bolsa özüniň demirgazyk Kiprdäki ýaranlaryna eglişik edilmegini isleýär.
ÝB şu uzaga çeken we çylşyrymly dawalar sebäpli, Türkiýä täze goşulmak baplaryny açmak üçin «mümkin boldugyça çalt» diňe «karara taýýarlyk» teklibini edýär we bu gümürtik teklibiň Türkiýäni öýkeletmegi mümkin diýip, resmiler aýtdylar.

Sebäbi bu plan Türkiýäniň ähli migranty öz territoriýasynda saklamagyny talap eder. Mundanam başga, Ankara bu şertnama babatdaky resmi borçlaryny çäklendiren hem bolsa, ÝB Türkiýäniň gaçybatalga agtaryjylary goramak üçin Ženewa konwensiýasyna laýyklykda kanun kabul etmegini talap edýär.

ÝB resmileriniň pikirlerine görä, Gresiýada toplanan migrantlaryň barha agyrlaşýan şertlerini ýeňletmek üçin, adamlary Türkiýede saklamakdan başga alternatiwa görünmeýär. Sebäbi geçen hepde balkan döwletleri öz serhetlerini migrantlar üçin ýapanyndan soň, grek-makedon serhediniň grek tarapynda eýýäm 40 müň çemesi adam toplandy.

Bu plan gaçybatalga agtaryjylaryň kanuny gorag hukuklaryny saklap galmagyň çäresini gözleýär, ÝB resmileri umumy maksadyň adamlaryň köpüsiniň hatda Egeý deňzinden Gresiýa aşjak bolmaga synanyşmagynyň hem öňüni almakdan, geçen ýyl günde müňlerçe adama ýeten migrant akymyny togtatmakdan ybaratdygyny nygtaýarlar.

Türkiýäniň bu ylalaşyk astynda migrantlaryň ählisini yzyna almagy bilen, ol öz alan her migranty üçin ÝB-niň gaýtadan ýerleşdirmäge bir bosguny kabul etjegine kepillik alar diýip, resmiler aýtdylar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG