Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan serhetde goşun ýerleşdirdi


Gyrgyz-özbek serhedindäki "Dostuk-ýoly" barlag-geçiş nokady

Gyrgyz-özbek serhedindäki "Dostuk-ýoly" barlag-geçiş nokady

Gyrgyzystanyň resmileri gyrgyz raýatlarynyň Özbegistana barmagynyň azyndan iki barlag-geçiş nokadynda birtaraplaýyn ýatyrandygyny aýtdylar.

Döwlet serhet gullugynyň resmileriniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 18-nji martda özbek häkimiýetleri onlarça harbysyny, harby tehnikasyny we iki harby ýük ulagyny umumy serhediň dawaly ýerinde Ala-Buka etrabynda ýerleşdiripdir.

Gyrgyz resmileri muňa jogap hökmünde özbek raýatlarynyň serhetdäki üç geçiş nokadyndan geçmegini togtadypdyr we Özbegistanyň serhet resmileri bilen gepleşiklere başlapdyr.

Özbegistanyň Gyrgyzystandaky Soh eksklawynyň ýaşaýjylary bu territoriýa girmegiň hem bes edilendigini AÝ/AR-na aýtdylar.

XS
SM
MD
LG