Sepleriň elýeterliligi

logo-print

HRW: Orsýet Krymda gorkyny tutaşdyrýar


Krymyň anneksiýa edilmeginiň ýyl dönüminde geçirilen çäre, 18-nji mart, 2016

Krymyň anneksiýa edilmeginiň ýyl dönüminde geçirilen çäre, 18-nji mart, 2016

Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasy orsýet häkimiýetleriniň Orsýetiň anneksiýa eden Ukrainanyň Krym ýarymadasynda güýçli gorky klimatyny döredýändigini aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 18-nji martda çap eden hasabatyndaOrsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krymy anneksiýa etmeginden soň “Krymda söz azatlygynyň, bileleşmek we media azatlyklarynyň çürt-kesik çäklendirilendigini” belledi.

Şeýle-de HRW ýarymadanyň orsýetçi häkimiýetleriniň “Orsýetiň okkupasiýasyna garşy çykyş eden etnik azlygy bolan krym tatarlaryny kemsidendigini, gorkuzandygyny we kanuny eden-etdilikli ulanmak ýaly hereketleri amala aşyrandygyny” belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça müdiri Federika Mogherini 18-nji martda eden çykyşynda 28 agzaly bileleşigiň Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edendigi baradaky pozisiýasyny ýene gaýtalady.

XS
SM
MD
LG