Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW keselhanany bombalanlara berlen 'jezany' ýazgardy


“Serhetsiz lukmanlar guramasynyň” (MSF) keselhanasy bombaly hüjümden soň, Gunduz, 17-nji oktýabr, 2015
“Serhetsiz lukmanlar guramasynyň” (MSF) keselhanasy bombaly hüjümden soň, Gunduz, 17-nji oktýabr, 2015

Adam Hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasy ABŞ-nyň geçen ýylda owgan keselhanalaryny bombalap, adam pidaly çärelere gatnaşan ofiserlere “berlen jezany” berk ýazgardy.

ABŞ-nyň harbylary Owganystanyň demirgazyk welaýaty Gunduzda “Serhetsiz lukmanlar guramasynyň” (MSF) keselhanasyny bombalamak bilen goýberen ýalňyşlygy üçin azyndan 10 esgeri jogapkärçilige çekdi. Şol hüjümde 42 adam wepat bolupdy.

Emma esgerleri jogapkärçilige çekmek çäresi tussaglygy ýa-da jenaýat işiniň gozgalmagy ýaly jezalary göz öňünde tutmaýar.

“Hüjüme jogapkär ýokary derejeli resmileri jenaýat üçin derňemekdäki şowsuzlyk diňe bir pida bolan adamlaryň däl, Owganystanda we beýleki ýerlerde kanunyň hökmurowanlygyny kemsidýär”, diýlip HRW guramasynyň beýannamasynda bellenýär.

2015-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Gunduzyň keselhanasyna edilen hüjümiň bombalanmagyna jeza hökmünde diňe disiplinar çäreler görüldi.

XS
SM
MD
LG