Sepleriň elýeterliligi

Finlýandiýanyň halky dünýäde iň sowatly halk


Helsinki

Helsinki

Golaýda geçirilen halkara barlaglary esasynda düzülen hasabatyň netijesine görä, Finlýandiýanyň halky dünýäde iň sowatly halk diýlip görkezilýär.

Hasabaty Täze Britaniýa adasynda ýerleşýän Central Connecticut atly döwlet uniwersiteti düzdi.

Hasabatda dünýä ýüzündäki 200 ýurtda adamlaryň "özüni sowatly alyp barşyndan" başlap, olaryň bilim ukybyna, akademiki görkezijilerine, galyberse-de, kitaphanalaryň, mekdepleriň hil derejesiniň kanagatlanarlylygyna, ýurduň kompýuter bilen enjamlaşdyrylyşyna çenli köpsanly ugurlar boýunça baha berilýär.

Hasabatda ikinji orny Norwegiýa, üçünji orny bolsa Islandiýa eýeledi. Daniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, ABŞ ýedinji, Germaniýa sekizinji, Latwiýa dokuzynjy, Niderlandiýa onunjy, Kanada on birinji, Fransiýa on ikinji, Britaniýa hem 17-nji orna mynasyp görlüpdir.

Ahyrky orny bolsa Botswana eýeleýär. Onuň öň ýanynda Indoneziýa, yzdan ikinji orunda hem Tailand bar.

Hasabaty düzen uniwersitetiň baştutany John Milleriň aýtmagyna görä, Finlýandiýa, Norwegiýa, Islandiýa, Daniýa, Şwesiýa bu ýurtlaryň medeniýetinde bilime berilýän diýseň ýokary ähmiýet sebäpli ilkinji bäş orny eýelemegi başardylar.

Fin ýazyjysy Towe Janssonyň "Moomin" atly tapgyrlaýyn eseri bütin dünýäde meşhurlyk gazanan kitapdyr.

"White Hunger" atly romany bilen häzirki döwürde halkara Man Booker baýragyna mynasyp bolan fin ýazyjysy Aki Ollikainen bolsa bu ugurda öz garaýşyny şeýle beýan edýär:

"Biziň ýurtlarymyzda mekdep, okuw, ýokary bilim diýseň ýörgünli. Şol bir wagtyň özünde şeýle mümkinçilikler işçi gatlak üçin hem elýeterli. Mugallymçylyk käri iň ýokary abraýly hünär hasaplanýar. Meniň bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär. Fin bilim ulgamy we häzirki kitaphanalary hemmelere açyk. Her bir adamynyň okamaga, bilim almaga doly hukugy hem mümkinçiligi bar. Finlýandiýada biz muny adaty ýagdaý hasaplaýarys. Emma welin dünýäde bu ýagdaý özbaşyna bir aýratynlyk hasaplanýar".

“The Guardian” gazetine salgylanyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG