Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, Türkiýe: Migrant krizisinden çykalga gözlenýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç), Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron (o) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande (s) ÝB-niň we Türkiýäniň sammitinde, Brussel, 18-nji mart, 2016.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç), Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron (o) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande (s) ÝB-niň we Türkiýäniň sammitinde, Brussel, 18-nji mart, 2016.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) liderleri we Türkiýe migrant krizisinden çykalga tapmak üçin 18-nji martda Brusselde maslahat geçirdiler.

Günüň dowamynda geçirilen maslahatyň netijesinde ÝB-niň liderleri Türkiýe migrantlaryň Gresiýa aşmagynyň öňüni alsa oňa maliýe we syýasy eglişik etmek barada ylalaşyldy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu ÝB bilen bütewi pikire gelmegiň mümkindigine özüniň umytly garandygyny aýtdy. Emma Dowutoglu Ankaranyň Ýewropa barýan migrantlaryň akymyny gowşatmak boýunça teklibiniň söwdalaşmak däl-de ynsanperwer meselesidigini ÝB-niň liderlerine aýtdy.

ÝB-niň liderleri ÝB-niň prezidenti Donald Tuska Egeý deňziniň üstünden Gresiýa aşan ähli migrantlary yzyna gaýtarmak barada Türkiýe bilen ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berdiler.

Ýewropa Bileleşigi öz tarapyndan siriýaly bosgunlary göni Türkiýäniň özünden kabul etmegi we olaryň bosgunlary ýerleşdirmek üçin 6 milliard ýewro sarp etmegi, üstesine Türkiýäniň ÝB-ne agza bolmak işini tizleşdirmegi wada berdi.
Gresiýadan yzyna gaýtarylan her bir migrant üçin ÝB Türkiýeden bir siriýaly bosguny kabul eder. Kabul ediljek jemi 72 müň adam Ýewropa ýurtlarynda ýerleşdiriler.

XS
SM
MD
LG