Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW ofiserlere berlen 'temmini' tankytlaýar


Gunduzda bombalanan hassahana
Gunduzda bombalanan hassahana

«Human Rights Watch» (HRW) guramasy Birleşen Ştatlaryň geçen ýyl owgan hassahanasynyň bombalanmagyna dahylly ofiserlere beren «temmilerini» berk tankyt etdi.

ABŞ-nyň Ýaragly güýçleri geçen ýyl «Serhetsiz lukmanlar» guramasynyň Gunduz welaýatyndaky hassahanasynyň bombalanmagyna we 42 adamyň öldürilmegine sebäp bolan ýalňyşlyk bilen bagly azyndan 10 esgere çäre gördi. Emma bu çäreler ne türme tussaglygyna, ne-de jenaýat aýyplamasyna baryp ýetdi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk topary 18-nji martda çap eden beýanatynda bu ofiserleriň işleriniň jenaýatçy hökmünde derňelmezliginiň «adalatsyzlyk» we pidalaryň «masgaralanmagy» bolandygyny aýtdy.

"Bu hüjüm üçin jogapkärçilik çekýän uly derejeli ofiserleriň işiniň jenaýatçylyk nukdaý nazaryndan derňelmezligi diňe «Serhetsiz lukmanlar» guramasynyň hassahanasynda ýitirilen ynsan ömürlerine däl, eýsem Owganystanda we başga ýerlerde kanunlaryň hökmürowanlygyna urlan zarbadyr» diýip, beýanatda aýdylýar.

Tertip-düzgüne çagyrmak çäresi 2015-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda bolan ýykgynçylykdan, ýagny Gunduzdaky hassahananyň bombalanmagyndan we ol ýerdäki doktorlaryň we hassalaryň köpüsiniň öldürilmeginden soň geçirilen harby derňewden soň görüldi.

"Men size bu hadysa bilen ýakyndan baglanyşykly şahslaryň wezipelerinden daşlaşdyrylandygyny we olara adminstratiw çäre görlendigini aýdyp biljek» diýip, ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesiniň sözçüsi, polkownik Patrick Ryder AFP habar gullugyna aýtdy.

Ol esgerleriň we ofiserleriň käbiri käýinç hatlaryny alyp, wezipe basgançagynda ösmek mümkinçiligini ýitiren bolsa, beýlekileri wezipelerinden çetleşdirildi.
Ryder ol ofiserleriň bu hadysa dahyllylyk üçin ýolbaşçylyk wezipesinden aýrylandygyny aýtdy.

Bu hadysa halkara tankydyna sebäp boldy we fransuz lukmanlarynyň topary Gunduzdaky hassahanalaryny hemişelik ýapmaga mejbur boldular. Ol hassahana bu sebitde başga ýerden alyp bolmajak wajyp medisina hyzmatlaryny üpjün edýärdi.

Saglyk sahawatlylygy bilen meşgullanýan «Serhetsiz lukmanlar» guramasy bu hüjümi «rehimsiz we gazaply» diýip atlandyrdy hem-de halkara derňewiniň geçirilmegini talap etdi. Ol hüjüm ABŞ arsenalynyň iň bir aldajy ýaraglarynyň biri, amerikan howa güýçleriniň ýörite operasiýalarynda ulanylýan AC-130 topy arkaly amala aşyryldy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilkastdan edilmedik, amerikan harby geňeşçileriniň Gunduzy şondan öňki aýlarda eýelän «Talybandan» yzyna almaga kömek berýän wagtynda bolan heläkçilik üçin ötünç sorady.

Owgan resmileriniň käbiri ol hassahananyň «Talybanyň» ygtyýarynda bolandygyny aýtdy, emma muňa delil görkezilmedi.

ABŞ resmileri AP habar gullugyna özleriniň ýalňyşyň öňüni alyp bilmändiklerini, ýogsam hassahananyň işgärlerinden bu hüjümi bes etmek barada gaýta-gaýta haýyş gelendigini boýun aldylar.

ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň geçiren derňewi tamam boldy, emma onuň netijeleri çap edilmedi. Pentagon bu hüjüm barada öz taýýarlan hasabatyny gelýän hepde çap etmeli.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG