Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uçar hadysasynda 62 adam öldi


Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň psihology uçar pidasynyň garyndaşy bilen gürleşýär. Russia Don boýundaky Rostow, 19-njy mart, 2016.
Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň psihology uçar pidasynyň garyndaşy bilen gürleşýär. Russia Don boýundaky Rostow, 19-njy mart, 2016.

Dubaýdan Don boýundaky Rostow şäherine gelýän ýolagçy uçary gonmaga synanyşanda heläkçilige uçrap, ot aldy we onuň üstündäki 60-dan gowrak adam wepat boldy.

Bu hadysa 19-njy mart güni irden boldy, resmiler Dubaýdan gelen uçaryň Boeing 737-800 belgili ýolagçy uçarydygyny aýtdylar. Onuň bortunda 62 adam, 55 ýolagçy, ýedi sany hem ekipaž agzasy bar eken, olaryň hemmesi ýogaldy diýip, ýerli Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi aýtdy.

«FlyDubai» howaýollary öz Facebook sahypasynda: "Biz Dubaýdan Don boýundaky Rostowa baran FZ981 reýsimiziň heläkçilige uçranlygyndan habarly. Biz derňeýäris» diýdi. Bu howaýollary biraz soň bortdaky adamlaryň hemmesiniň ýogalandygyny tassyk etdi we pidalaryň dördüsiniň çagalar bolandygyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin telefonda Don boýundaky Rostowyň gubernatory bilen gürleşdi we oňa pidalaryň garyndaşlaryna kömek berilmegini üpjün etmegi buýurdy. Prezidentiň metbugat sekretary Dmitriý Peskow žurnalistlere Putiniň «bu uçar hadysasynda dostlaryny we garyndaşlaryny ýitirenleriň ählisine çuňňur gynanjyny bildirendigini» aýtdy.

TASS döwlet habar gullugy Orsýetiň Derňew komitetiniň, ýurduň iň ýokary derňew gullugynyň deslapky maglumatlara salgylanyp, uçaryň gonýan wagty ýere urlup, böleklere bölünendigini ýazýar. Bu hadysa Moskwanyň 950 km çemesi günortasyndaky uçar meýdanynda boldy.

Metbugat habarlarynda howa ýagdaýynyň bir faktor bolandygy, ýagny hadysa mahalynda ýagyş ýagandygy, görmegiň kynlaşandygy, ýeliň bolsa her sagatda 80 km tizlige çenli ösendigi aýdylýar.

Orsýetiň «LifeNews» habar kanaly uçaryň gonulýan ýere birnäçe ýüz metr ýetmän, ýere gelip urlandygyny, şol wagt onuň görmesi kyn şertlerde ikinji gezek gonmak synanyşygyny edendigini habar berdi.

Bu kanalyň habaryna görä, uçaryň bölekleri 1.5 km töweregi meýdana pytrapdyr.

«LifeNewsiň» habar bermegine görä, beýleki uçarlar, howa ýagdaýynyň ýaramazlygy üçin, Krasnodara iberilipdir.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 500-den gowrak halas edijiniň, 60 sany adatdan daşary ýagdaýlar awtoulagynyň betbagtçylygyň bolan ýerine iberilendigini aýtdy.

Ýolagçylaryň aglaba köplügi orsýetlidir öýdülýär, şol bir wagtda bortda daşary ýurtlularam bar eken diýip, resmiler aýtdylar.

«FlyDubai» 2008-nji ýylda esaslandyrylan we howpsuzlyk ýagdaýy gowy hasaplanylýan, uçarlary köne bolmadyk býujet howaýollary diýip bilinýär. Ol Don boýundaky Rostowa 2013-nji ýyldan bäri ýolagçy gatnadýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG