Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan smartfonlary gapydan salmaz


Könelen smartphonlar

Könelen smartphonlar

Gazagystan, maglumat syzmasynyň öňüni almak üçin, hökümet binalarynda smartphonlaryň ulanylmagyny gadagan edýär. Bu gadagançylyk syzyp çykan dokumentden mälim boldy.

17-nji martda metbugata syzan hökümet dokumentinde resmileriň we olaryň ýanyna gelýänleriň hökümet binalaryna girenlerinde, 24-nji martdan başlap, öz smartfonlaryny gapynyň agzynda goýmaly boljakdyklary aýdylýar.

Syzan dokumentde WhatsApp mobil tilsimi arkaly konfidenisial maglumatlaryň barha köp syzyp çykýandygy aýdylýar.

Onda resmi binalaryň içinde ýönekeý, kamerasyz we internet baglanyşygy bolmadyk mobil telefonlarynyň ulanylyp bilinjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG