Sepleriň elýeterliligi

Owgan polisiýasy hüjümiň öňüni aldy


Owgan howpsuzlyk güýçleri 18-nji martda Kabulda ýurduň iş başyndaky aňtaw ýolbaşçysyna garşy gurnalan hüjümiň öňüni alandyklaryny habar berýärler.

Resmiler Azat Owganystan radiosyna hüjümi amala aşyrjak adamyň Masud Andrabiniň öýüne girmäge synanyşandygyny, emma wagtynda bilnip, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan öldürilendigini aýtdylar.

Wakanyň bolan ýerindäki şaýatlar atyşyk seslerini eşidendiklerini aýtdylar. Köçeler polisiýa tarapyndan gabalyp alyndy.

Bu waka Kabulyň merkezinde, agyr goragly ýerde, hökümet ministrlikleriniň we daşary ýurt ilçihanalarynyň binalarynyň ýerleşýän raýonynda boldy.

Andrabi ýurduň aňtaw gullugynyň, Milli howpsuzlyk müdirliginiň başlyklygyna dekabrda bellendi.

XS
SM
MD
LG