Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa 46 adamy korrupsiýada tutdy


 Içeri işler ministri Nebojsa Stefanowiç

Içeri işler ministri Nebojsa Stefanowiç

Serbiýanyň häkimiýetleri 46 adamy korrupsiýa we pul ýuwmak aýyplamalarynda tussag edendiklerini aýdýarlar.

Içeri işler ministri Nebojsa Stefanowiç 18-nji martda ýol gözegçilik polisiýasynyň 15 ofiseriniň para almakda güman edilip tussag edilendigini aýtdy.

Aprel aýyna bellenen parlament saýlawlaryndan öň tutuş ýurt boýunça geçirilýän arassalaýyşda tussag edilenleriň arasynda bir sudýa, döwlet eýeçiligindäki pensiýa fondunyň bir resmisi, ozalky häkim hem bar.

Güman edilýän adamlaryň eden ters işleri netijesinde döwlete ýa ýerli häkimiýetlere jemi 7 million ýewro möçberinde zyýan ýetirilendir öýdülýär.

Bu dekabrdan bäri geçirilýän ikinji arassalaýyşdyr, öňki gezek polisiýa 86 adamy tussag edipdi.

Serbiýa Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky gepleşikleriň çäginde giň ýaýran korrupsiýa we guramaçylykly jenaýata garşy çäre görýändigini görkezmeli.

XS
SM
MD
LG