Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, Türkiýe migrant ylalaşygyna geldi


ÝB we Türkiýe migrant ylalaşygyny jemledi.
ÝB we Türkiýe migrant ylalaşygyny jemledi.

ÝB we Türkiýe migrantlaryň Ýewropa gelýän akymyny azaltmagy maksat edinýän ylalaşygy jemledi.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk 18-nji martda twitterde Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu bilen ÝB-niň 28 lideriniň Brýusselde bolan duşuşygynda «biragyzdan» ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

Dawutoglu munuň «taryhy gün» bolandygyny aýtdy. "Biz şu gün Türkiýe bilen ÝB-niň birmeňzeş ykbalynyň, birmeňzeş synaglarynyň we birmeňzeş gelejeginiň bardygyna göz ýetirdik» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu plan esasynda Gresiýa gelýän migrantlar, eger gaçybatalga haýyşy ret edilse, yzyna, Türkiýä gaýtarylar. ÝB ýurtlary muňa derek Türkiýede ýaşaýan siriýaly müňlerçe migranty gaýtadan ýerleşdirmäge kömek eder.

Bu ylalaşyk Türkiýä maliýe kömegini hem getirer we onuň ÝB agzalygy gepleşiklerini tizleşdirer. Bu planyň 20-nji martdan güýje girjekdigi aýdyldy.

XS
SM
MD
LG