Sepleriň elýeterliligi

Stambul partlamasynda 4 adam öldi


Janyndan geçen bombaçy Stambulda dört adymy öldürdi.

Janyndan geçen bombaçy Stambulda dört adymy öldürdi.

Janyndan geçen bombaçy Stambulda özüni partladyp, azyndan dört adamy öldürdi, 20 adamy bolsa ýaralady diýip, Stambulyň gubernatory Wazip Sahin aýtdy.

19-njy martdaky partlama şäheriň söwda merkezinde boldy. Ýaraly bolanlaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar. Bombaçynyň özi hem öldi.

Ýerli telewideniýe polisiýa dikuçarlarynyň bu ýeriň üstünden aýlanyşyny görkezdi. Türkiýäniň «Dogan» habar gullugy ýaraly bolanlaryň üçüsiniň ysraýyl raýatdygyny aýtdy.

13-nji martda Ankarada bolan ulag partlamasy 37 adamy öldüripdi. Üç hepde ozal şol şäherde bolan ýene bir şoňa meňzeş hüjüm 29 adamyny öldürdi.

Ýanwarda janyndan geçeniň Stambulda bolan hüjüminde 12 adam öldi.

XS
SM
MD
LG