Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salah Abdeslam sorag edilýär


 Salah Abdeslam
Salah Abdeslam

Parižde 130 adamy öldüren noýabr terror hüjümlerinde aýyplanan 26 ýaşly Salah Abdeslam Belgiýanyň hassahanasyndan çykaryldy we onuň basym Fransiýa iberilmegine garaşylýar.

Güman edilýän Abdeslam 19-njy martda, polisiýa reýdinde ýeňil ýaralanyndan bir gün soň, Belgiýanyň polisiýasy tarapyndan soraga çekildi.

Belgiýanyň prokurory AP habar gullugyna Abdeslamyň belgiýa polisiýasy bilen gürleşmäge başlandygyny, munuň onuň ekstradisiýa edilmegini gijikdirmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

"Emma ol iru-giç Fransiýa iberiler" diýip, prokuror Erik Van der Sypt aýtdy.
Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Cazeneuve Abdeslamyň we ýene dört güman edilýäniň tussag edilmegi Ýewropada hereket edýän YD jeňçilerine uly zarba diýdi.

Pariž hüjümlerinde güman edilýänleriň diňe biri - Mohamed Abrini tutulman galdy.

XS
SM
MD
LG