Sepleriň elýeterliligi

Howa zarbalary onlarça YD jeňçisini öldürdi


Siriýa bomba taşlaýan uçar

Siriýa bomba taşlaýan uçar

Günorta Siriýa, «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň Rakkadaky mesgenine urlan howa zarbalarynda onlarça adam öldürildi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 19-njy martda geçirilen reýdde azyndan 39 adamyň öldürilendigini, onlarça adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýar.

Rakkanyň içinde çeşmeleri bolan aktiwist topar Rakka sessiz öldürilýär diýdi.

Gözegçi topar ol zarbalaryň kim tarapyndan, Siriýanyň ýa-da Orsýetiň uçarlary tarapyndan urlandygy aýdyň däl diýdi.

XS
SM
MD
LG