Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Eýran ylalaşygyndan peýda kän diýýär


Obama 20-nji martda Kuba edýär.
Obama 20-nji martda Kuba edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, adamlaryň olaryň hözirini görüp başlamagy bir wagt alsa-da, Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň bähbitlerini «ykrar etmän» bolmajagyny aýtdy.

Obama bu ylalyşygyň Eýrana ýokarlandyrylan söwda we inwestisiýa, iş ýerlerini döretmek, eýranlylaryň öz harytlaryny dünýäniň çar künjeginde satyp bilmegi arkaly global ykdysadyýete gaýtadan goşulmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Obama Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen entegem düýpli pikir dürliliginiň bardygyny aýtdy, emma ol bu iki ýurduň onlarça ýyldan soň şol meseleleri çözmek üçin ilkinji gezek yzygiderli gürleşip bilýändiklerini belledi.

Obama özüniň Nowruz baýramy mynasybetli gutlagynda eýran halkyna ýüzlendi.

20-nji martda Kuba edýän saparyna salgylanyp, ABŞ-nyň prezidenti köne duşmanlaryň onlarça ýyla çeken ynamsyzlykdan soň täze bir ýoda gurmagy mümkin zat diýdi.

XS
SM
MD
LG