Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Azerbaýjany köp tussag boşatmaga çagyrýar


Azerbaýjan, oppozisiýa aktiwisti Bahruz Hasanow
Azerbaýjan, oppozisiýa aktiwisti Bahruz Hasanow

ÝHHG-nyň ýokary derejeli resmisi Azerbaýjanyň golaýda raýat jemgyýetiniň aktiwistleriniň we žurnalistleriň käbirini boşatmagyny gutlady we syýasy sebäpli türmä basylan diýip ynanylýan adamlaryň has köpüsini azat etmäge çagyrdy.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň başlygy Michaýel Georg Link 19-njy martda çap eden prez relizinde türmeden boşatmagyň «pozitiw, gutlanmaly ädimdigini» aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewi häzir tussaglykda saklanylýan ýa-da çäklendiriji buýruk astyndaky adamlaryň, şol sanda aklawçy Intigam Alyýewiň, derňewçi žurnalist Hatyja Ysmaýylowanyň, respublikan alternatiw hereketiň başlygy Ilgar Mammedowyň işlerine gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Prezident Alyýew 17-nji martda jemi 148 tussagyň, şol sanda hukuk goraýjy guramalar tarapyndan syýasy tussaglar diýlip kesgitlenen 13 tussagyň günäsini geçdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Azerbaýjanda syýasy sebäpler esasynda türmede saklanylýan adamlaryň sanynyň şundan soňam 80 çemesidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG