Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janyndan geçen Stambuly çaýkady


Istiklal köçesi, 19-njy mart, 2016.
Istiklal köçesi, 19-njy mart, 2016.

Stambulyň söwda etrabynda özüni partladan janyndan geçen bombaçy özünden başga dört adamy öldürdi, 36 adamy bolsa ýaralady.

Bu Türkiýede şu ýylda edilen dördünji şeýle hüjüm boldy.

19-njy martdaky hüjüm Istiklal köçesinde, halkara dükanlary bilen daşary ýurt konsulluklarynyň orun tutan uzyn hatarynda, söwda we turizm etrabynda amala aşyryldy.

Partlama köplenç polisiýa awtobuslarynyň durýan ýeriniň birnäçe ýüz metr golaýynda boldy.

Saglyk ministri Mehmet Muezzinoglu ýaralylaryň ýedisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny, olaryň azyndan 12-siniň daşary ýurtludygyny tassyk etdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanyahu bu partlamada iki ysraýylynyň öldürilendigini aýtdy.

Türk resmileri ölenleriň arasynda bir eýranlynyň hem bardygyny aýtdylar.

ABŞ resmileri iki amerikanyň öldürilendigini, Irlandiýa bolsa özüniň bir topar raýatynyň ejir çekendigini aýtdy.

Bada-bat halkara ýazgaryşlaryna duçar bolan hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Marc Ayrault beýanat çap edip, bu hüjümiň «ýigrenji we namartlyk» bolandygyny aýtdy.

Waşington öz gynanjyny bildirdi. «Birleşen Ştatlar NATO ýarany Türkiýe bilen umumy terrorçylyk howpuna garşy söweşmekde raýdaşlykda durýar» diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi aýtdy.

Bu hüjüm şu ýyl Türkiýäni çaýkan partlamalar tapgyrynyň soňkusy boldy.

Paýtagt Ankarada 13-nji martda ýarylan ulag bombasy 37 adamy öldürdi.

Mundan üç hepde ozal bolsa, paýtagtda guralan şeýle hüjüm 29 adamy öldürdi.

Türkiýe bu hüjümleriň ikisiniň hem Kürdistan azatlyk laçynlary, gadagan edilen Kürdistan işçiler partiýasyndan, PKK-den bölünen topar tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Ýanwar aýynda janyndan geçen bombaçynyň Stambulda amala aşyran hüjüminde 12 sany german turisti öldürildi. Ankara bu hüjümde «Yslam döwleti» ekstremist toparyny günäledi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG