Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylar bag ekdi


Agaç nahallary

Agaç nahallary

Türkmenistanda şenbe güni ählihalk ýowary geçirilip, ýazdaky bag ekmek möwsümine badalga berildi.

Paýtagtyň ýaşaýjylary bu gezekki ýowary halk içinde Paryzdepe diýip bilinýän taryhy ýadygärligiň töwereginde geçirdiler.

Türkmen telewideniýesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Paryzdepde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleri bilen tanşyp, bu çärä gatnaşýan daşary ýurtly diplomatlara türkmen halkynyň gelip çykyşy we Türkmenistanyň medeni ekerançylygyň watanydygy barada gürrüň berendigini habar berýär.

Soňra prezident ählihalk ýowaryna gatnaşyp, ilkinji agaç nahalyny oturdyp, bag ekmek möwsümine badalga berdi diýip, resmi metbugatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG