Sepleriň elýeterliligi

Uçar hadysasynyň sebäpleri derňelýär


Dubaý uçarynyň ýykylan ýeri.

Derňewçiler Orsýetiň günortasynda bolan uçar heläkçiliginiň sebäplerini derňeýärler. Bu hadysada uçaryň bortundaky 62 adamyň ählisi heläk boldy.

19-njy martda Dubaýyň howa ýollarynyň Don Boýundaky Rostowa gelen uçary gonmaga edilen ikinji synanyşygynda heläkçilige uçrap, otlandy.

Orsýetiň transport ministri Maksim Sokolow 20-nji martda adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleriniň bu hadysanyň bolan ýerindäki gözleg we halas ediş işlerini tamamlandyklaryny aýtdy.

Derňewçiler uçaryň tehniki ýalňyşlyk, howa ýagdaýy ýa-da pilotyň ýalňyşy bilen ýykylandygyny anyklamak üçin derňewe başladylar.

XS
SM
MD
LG