Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň partiýasy sesleriň 82.15% toplady


Sesler sanalýar, Kyzylorda, 20-nji mart, 2016
Sesler sanalýar, Kyzylorda, 20-nji mart, 2016

Gazagystanyň saýlaw resmileri 20-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda prezident Nursoltan Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasynyň 82.15% ses toplap ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Deslapky netijelere görä, Nazarbaýewe ýaran ýene iki partiýa “Kommunistik” partiýasy we “Ak Žol” milli parlamentiň 107 orunly aşaky öýi Mažilisiň düzümine girmek üçin ýedi prosentlik derejesinden geçmegi başarypdyr.

Saýlawlaryň netijeleri kanuny çykaryjy edarasynyň düzüminiň öňküligine galýandygyny görkezdi.

Ses berijileriň gatnaşyk derejesi 77.1% bolupdyr.

Günbatar ýurtlary we synçylary Gazagystanda 1991-nji ýyldan bäri geçirilen saýlawlaryň hiç birini azat we açyk diýip ykrar etmediler.

AÝ/AR-nyň habarçylary 20-nji martda geçirilen ses berişligiň dowamynda goşmaça saýlaw býulletenleriň ulanylmagy we bir adamyň tutuş maşgalasynyň adyndan ses bermegi ýaly düzgün bozmalaryň bolandygyny gördüler.

XS
SM
MD
LG