Sepleriň elýeterliligi

Kaýsar – bakylyk


Türkiýäniň Kaýseri şäherinde gadymy teatryň orny.

Türkiýäniň Kaýseri şäherinde gadymy teatryň orny.

Bir wagtrakda üç Kesariýa emele gelipdir. Olardan iki şäher şu güne çenli meşhurlygyny saklap gelýär. Olaryň biri Palestinada, beýlekisi Türkiýede.

Gözellik mysaly

Türkiýedäki şähere Kaýseri diýilýär. Ýerorta deňziniň ýakasyndaky şäher bolsa Kesariýa. Bu iki şäheriň adyny türkmenler özleriçe üýtgedip, Kaýsar diýip atlandyrýar.

Kesariýany uruşlar hem suw ýumrupdyr.

Kesariýany uruşlar hem suw ýumrupdyr.

Türkiýedäki Kaýserini ýaşyl düzlük hem baýyrlar gurşap alypdyr. Palestinadaky Kesariýany bolsa mawy deňiz bezeýär. Olar gözellik mysaly hökmünde, biziň poeziýamyzda orun alypdyr.

,,Saýatly – Hemra” dessanyndaky “Selbinýaz” atly örän meşhur hem aşa çeküwli aýdymda şeýle setirler bar.

Tomaşaňa geler Rum ile Kaýsar,

Zülpleriň çil-çildir her ýana öwser.

Beýik akyldarymyz Magtymgulynyň arzuw-hyýaly hem ol şäherlere baryp ýetipdir. Şahyr şeýle diýýär.

Magtymguly, gezende,

Halap, Kaýsar düzünde.

Türkiýedäki Kaýserini meşhurlyga ýetiren ýene bir ýagdaýy bellemek gerek. Ol ýerde Aziýa üçin Rim teňňeleri basylypdyr. Kaýseri zikgesi kimiň elinde bolsa, işi rowaç tapypdyr.

Deňiz hem şäher

Palestinadaky Kesariýa şäheriniň dünýä tanalmagynyň sebäpleri köp. Bulardan biri Merýem ogly Isanyň şu topraga aýagynyň düşmegi bolsa gerek.

Sarkofag – mazar üsti daş

Sarkofag – mazar üsti daş

Ol şäheri guranlardan beýik at galypdyr. Ussalaryň döreden beýik diwarlary hem binalaryň bölekleri akylyňy haýran edýär. Gullaryň göteren we ýonan agyr daşlary ynsan aýagynyň aşagynda dagaşyp ýatyr. Geçen uruşlar şähere agyr ýowuzlyk inderipdir.

Taryhy maglumatlar onuň müň ýyl owal örän owadan bolandygyndan habar berýär. Ir zamanda hanlar-soltanlar bu ýerde dem-dynç alypdyrlar. Şonuň üçin oňa Patyşa şäheri diýlipdir.

Kesariýa dört ýüz ýyllap Palestin patyşasynyň paýtagty ýa-da döwlet baştutanlarynyň merkezi şäheri bolupdyr. Şäheri sapaly öý-jaý saýypdyrlar. Bu kenarda hanlar hem soltanlar, mertebeli zenanlar, şazadalar hem olaryň ýakynlary gezelenç edipdir.

Asudalyk

Bu ýer Garagum çölünden gelen türkmene Jennetiň bölegi bolup görünýär.

Negew çölünden geçip gelenlere bolsa salkyn saýaly, asuda kenar hem rahatlyk ýakasy bolýar.

Irodyň diwarynyň üstünde

Irodyň diwarynyň üstünde

Deňiz joşup, daşgyn emele gelende, şäheriň daşyny suw gurşap alýan ekeni. Şondan soňra Beýik Irod şäheriň daşyna suw goltugyny gurdurypdyr. Uruşlardan hem weýrançylykdan soňra, ony çäge gömüpdir, soňra ýaňadan açypdyrlar. Ol şindizem abat. Bu goltuk şäheri deňiz joşgunyndan goraýar.

Gadymyýetiň yzlaryny gorap saklaýan bar, şäheriň ornuny saklaýanlar bar, ýöne gözellik bilen tebigaty gorap saklaýan az-azdyr. Kesariýada olar saklanypdyr. Ol ýerde taryham, geçmişiň yzlary-da, gözelligem, ählisi dur. Ýogsa ol soňky 600 ýylda haraba öwrülipdi.

Bakylyk

Ýat hem täze topraga gadam basanyňda, görülmedik äleme barýanyňy duýýarsyň. Ýöne Kesariýa meniň üçin beýle bolmady. Bu şähere gelenimde, hut hyýalymdaky beýik topraga gadam basýandygymy duýdum. Göýä men muňa öň gelip giden ýaly, töwerek maňa örän tanyş.

Bu ýerde özümi hiç keseki duýmadym. Kesariýany hem başgalaryň şäheri saýmadym. Sebäbi men bu ýeri öňem bilýärdim, köp gezek hyýalyma getiripdim, indi bolsa onuň çal daşyny elim bilen tutup durun.

Bu, megrem, Bakylyk bolsa gerek. Älemde baky zat ýok diýseler-de, iň bolmanda, ynsan aňynda hem düşünjesinde bakylyk ýaşaýar.

Kesariýada Bakylyk şindizem saklanyp dur.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG