Sepleriň elýeterliligi

Orsýet sudy Sawçenkony günäli tapdy


Nadia Sawçenkonyň işi diňlenýär, 21-nji mart, 2016

Nadia Sawçenkonyň işi diňlenýär, 21-nji mart, 2016

Orsýetiň Rostow regionynyň sudy ukrainaly pilot Nadýa Sawçenkony 2014-nji ýylda gündogar Ukrainada iki orsýetli žurnalistiň ölümine sebäp bolmakda günäli tapdy.

Donetskyň şäher sudunyň sudýasy 21-nji martda okap başlan kararynda Sawçenkonyň öz hereketlerinde “syýasy ýigrenje” esaslanandygyny aýtdy, diýip Orsýetiň täzelikler agentlikleri habar berdiler.

Prokurorlar Sawçenkonyň 23 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilmegini islediler.

Sawçenkonyň işi Ukrainada we beýleki ýurtlarda gahar-gazap döretdi. Tankytçylar Kremli Sawçenkonyň suduny göz üçin geçirmekde aýypladylar.

Nadežda Sawçenko sud diňlenişigi 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanaly bäri öz garşylygyny mälim edip gelýär. Ol öz tussaglygyna protest hökmünde açlyk yglan etdi.

Sawçenko 2014-nji ýylyň iýun aýynda gündogar Ukrainada orsýetçi separatistlere garşy söweşen wagtynda özüniň ogurlanyp Orsýete äkidilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG