Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe 'hüjümçini' Gyrgyzystana tabşyrdy


Bişkegiň “Din, kanunçylyk we syýasat boýunça analiz merkeziniň” müdiri Kadyr Malikow, 25-nji ýanwar, 2016

Bişkegiň “Din, kanunçylyk we syýasat boýunça analiz merkeziniň” müdiri Kadyr Malikow, 25-nji ýanwar, 2016

Gyrgyzystan noýabr aýynda meşhur gyrgyz teologyna hüjüm etmekde güman edilen adamyň Türkiýeden ekstradisiýa edilendigini aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň 21-nji martda aýtmagyna görä, şübhelenýän Alibek Tilek Uulu häzir Bişkegiň tussaghanasynda saklanýar.

28-nji noýabrda “Yslam döwleti” atly ekstremist toparynyň tarapdarlary bolmakda güman edilýän adamlar Bişkegiň “Din, kanunçylyk we syýasat boýunça analiz merkeziniň” müdiri Kadyr Malikowy pyçaklady.

Kadyrow hüjümde aman galdy.

Resmileriň yzýany aýtmagyna görä, hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän iki gyrgyz raýaty Bişkekde tussag edildiler, ýene ikisi Türkiýäniň Gaziantep şäherinde ele salyndy.

Gyrgyz häkimiýetleri ýüzlerçe gyrgyz raýatynyň YD toparynyň düzüminde Siriýada we Yrakda yslamçy söweşijileriň hatarynda söweşýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG