Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Liderleriň ykdysady garaýyşlary tapawutlanýar


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei (ç) we prezident Hassan Rohani (s)

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei (ç) we prezident Hassan Rohani (s)

Eýranyň baş liderleriniň 20-nji martda Nowruz baýramy sebäpli eden çykyşlary olaryň ýurduň ykdysadyýeti boýunça garaýyşlarynyň tapawutlanýandygyny görkezdi.

Baş ruhany lider Aýatolla Ali Hamenei ýurduň öz güýjüne daýanmagyna çagyryş etdi, prezident Hassan Rohani bolsa, beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ykdysady ösüş üçin zerurdygyny aýtdy.

Hamenei daşary ýurtly maýa goýumlarynyň ýurduň içerki senagatynyň ösüşine ýatyrylan ýagdaýynda peýdaly bolup biljekdigini belledi.

Rohani öz çykyşynda “ýurduň içerki hyzmatdaşlygynyň we tagallalarynyň dünýä bilen konstruktiw gatnaşygynda biziň ykdysadyýetimiz gülläp öser we özgerer” diýdi.

Eýranyň dawaly ýadro programmasy bilen bagly ähli halkara sanksiýalary 2015-nji ýylyň iýul aýynda baglaşylan taryhy ylalaşygynyň esasynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG