Sepleriň elýeterliligi

"Nur Otan" parlament orunlarynyň köpüsini eýeledi


Häkimiýet başyndaky "Nur Otan" partiýasynyň saýlaw şygary, Almaty, 2016

Häkimiýet başyndaky "Nur Otan" partiýasynyň saýlaw şygary, Almaty, 2016

Gazagystanyň saýlaw resmileri 20-nji martda geçirilen saýlawlaryň netijesinde prezident Nursoltan Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasynyň parlamentiň aşaky öýünde 84 orna eýe bolandygyny yglan etdiler.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň 22-nji martda yglan etmegine görä, Nazarbaýewe tarapdar ýene iki partiýa “Ak Žol” we “Kommunistik partiýasy” 107 orunlyk Mejlisde her biri ýedi oruna eýe boldular.

Dokuz oruny Gazagystanyň etnik toparlaryna wekilçilik edýän “Halk assambleýasy” eýelär.

Saýlaw sesleriniň doly sanalmagyndan soň “Nur Otan” partiýasy 82.2% ses toplady, “Ak Žol” partiýa 7.18% we “Kommunistik partiýasynyň” 7.14% ses toplady.

Ses berijileriň gatnaşyk derejesi 77.12% bolupdyr.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary ses berişlikde “hakyky saýlawa ygtyýar” berilmändigini we Gazagystanyň demokratik saýlawlar boýunça halkara standartlaryny berjaý etmeklige tarap ädim ätmelidigini aýtdylar.

Günbatar ýurtlary we halkara synçylary Gazagystanda 1991-nji ýyldan bäri geçirilýän saýlawlaryň hiç birine açyk we aýdyň diýip baha bermedi.

XS
SM
MD
LG