Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa MH370 'uçar galyndylaryny' barlar


Mozambikyň Graždan awiasiýa institutynyň prezidenti Joao de Abreu uçar galyndysyny tutup dur, Maputo, 3-nji mart, 2016
Mozambikyň Graždan awiasiýa institutynyň prezidenti Joao de Abreu uçar galyndysyny tutup dur, Maputo, 3-nji mart, 2016

Mozambikde tapylan we Malaýziýanyň howa ýollarynyň 2014-nji ýylda ýitirm bolan uçaryna degişli bolmakda güman edilýän galyndylary barlaglar üçin 21-nji martda Awstraliýa alnyp baryldy.

Uzynlygy bir metr çemesi ak metal bölegi MH370 uçarynyň garaşsyz gözlegini geçirýän syýahatçy tarapyndan şu aýda Afrikanyň kenarynda tapyldy.

Malaýziýanyň Transport ministri Liow Tiong Lai tapylan metal böleginiň MH370 reýsini amala aşyran uçar bilen bir görnüşli 777 kysymly uçara degişli bolmagynyň “örän ähtimaldygyny” aýtdy.

Kuala Lumpurdan Pekina barýan uçar 2014-nji ýylyň 8-nji martynda ýitirm bolupdy onuň içinde 239 adam bardy. Onuň Hindi okeanynda heläkçilige uçran bolmagy çak edilýär.

Hindi okeanynda tapylan galyndylaryň diňe biriniň, ýagny ganat böleginiň ýitirim bolan uçara degişlidigi tassyklandy.

XS
SM
MD
LG